Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Mejlise türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşarlar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa döwletleri, şol sanda Rumyniýa bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürýändigini belläp, öňde boljak çärä düýpli taýýarlyk görlüşiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.