Türkmenistan 2027-nji ýylyň 15-nji maýy – 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO-2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Türkmenistanyň bu sergä ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek babatda eýýäm degişli işleri alyp barýar.
Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO-2027” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşdyrdy.
“EKSPO” Bütindünýä sergisi gatnaşyjy ýurtlara üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän giň gerimli halkara çäre bolup durýar. Bu abraýly çärede her bir döwlet özüniň tehnologiýa babatda täze işläp taýýarlamalary, ylmy gazananlary, medeni mirasy we innowasion binagärlik çözgütleri bilen tanyşdyrýar.