Türkmenistanda Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemek boýunça taslama taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäreler demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işgärler üçin amatly iş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.
M.Çakyýew pudagyň netijeli işlemegi üçin geçiriljek işleriň möhüm ähmiýetini nygtap, degişli desgalaryň durkuny täzelemek boýunça teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň ähmiýetini nygtap, munuň üçin demir ýol menzilleriniň häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany degişli desgany döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli çäreleri geçirip başlamagy tabşyrdy.