Türkmenistanyň Prezidenti ýertitreme zerarly Mýanma gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýertitreme zerarly Mýanma gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mýanmanyň Premýer-ministri Min Aun Hlaýgna ýurduň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna çuňňur gynanç bildirip, ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

28-nji martda – anna güni Mýanmada çylşyrymly ýagdaýlara getiren güýçli ýertitreme bolup geçdi. Güýjenmesi 7,7 balla deň bolan ýerasty ýitremeler Tailandda we Hytaýyň günorta-günbatar sebitlerinde hem bolup geçdi.

“Euronews” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, gurban bolanlaryň sany 1 644-den geçip, 3 408 adam agyr ýaralandy. Tailandda bolsa azyndan 18 adam gurban boldy.

2022