Ermenistan türkmen tebigy gazyny satyn almak mümkinçiligini öwrenýär we häzirki wagtda bu ugurda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşikler geçirýär diýip, Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.
Tebigy gazy “swap” usuly boýunça deslapky ylalaşygyny beren Eýranyň çägi arkaly ibermek we 600 milliondan 1 milliard kubmetr möçberi aralygynda satyn almak göz öňünde tutulýar.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tebigy gazyny Ermenistanyň üstünden Gruziýa üstaşyr geçirmek mümkinçiligine hem seredilýär. Gruziýa şeýle hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi. Munuň özi Gara deňiz sebitiniň ýurtlarynyň energiýa üpjünçiligi üçin täze mümkinçiligi açar.
Häzirki wagtda Ermenistan “Elektroenergiýa çalşylýan gaz” atly maksatnamanyň çäklerinde Eýrandan tebigy gaz satyn alýar. Ýurduň milli gaz üpjünçilik ulgamyna hyzmatlary “Gazprom Ermenistan” kompaniýasy amala aşyrýar.