Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde içeri işler ministriniň täze orunbasaryny wezipä bellemek hakynda Karara gol çekdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, polisiýanyň podpolkownigi Öwezgeldi Gurbanberdiýewiç Kakalyýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Polisiýanyň podpolkownigi Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew bolsa bu wezipeden boşadyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak, jemgyýetçilik asudalygyny üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemlerine garaldy.