Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary başlandy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşdäki birinji sammite gatnaşar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar mähirli ugratdylar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň uçary Samarkant şäheriniň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni sapar wagty üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we ÝB-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Samarkant şäherinde geçirilýän sammit söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öz içine alar. Onda gaýtadan dikeldilýän energetika, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag we sanly ulgam ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler. Sammitiň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli birnäçe ikiçäk duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.