2026-njy ýyla çenli hereket etjek täze döwletara ylalaşygyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasy Gyrgyzystana iberiler. Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew Parlamentiň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri, ýer serişdelerinden peýdalanmak we senagat syýasaty boýunça komitetiniň mejlisinde mälim etdi.
Ministriň bellemegine görä, häzirki wagtda elektrik energiýasyny 2026-njy ýylda ibermek boýunça sebit döwletleriniň birnäçesi, şol sanda Russiýa, Gazagystan we Özbegistan bilen gepleşikler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi.
T.Ibraýew bu ýurtlar bilen 2025-nji ýyl üçin degişli ylalaşygyň eýýäm baglaşylandygyny aýtdy.
Statistiki maglumatlara görä, Gyrgyzystanyň 2024-nji ýylda import eden elektrik energiýasynyň möçberi 3,63 milliard kilowatt-sagada deň boldy. Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady.