Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti “EXPO-2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.
Bütindünýä sergisiniň çäklerindäki Türkmenistanyň Milli güni 14-nji aprelde geçiriler. Türkmenistanyň Milli pawilýonynda ýurduň medeni gymmatlyklary, el halylary, senagat önümleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri hem-de milli tagamlary we sowgatlyk harytlar görkeziler.