Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde duşenbe güni Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” sergisine gatnaşyp, ýurduň milli pawilýonyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Saparynyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany sergini synlap, hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy gadyrdy. Çärä Ýaponiýanyň “EKSPO-2025” sergisiniň meseleleri boýunça ministri Ito Ýosikata hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hyzmatdaşlygy berkitmekde we ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde halkara forumyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Milli pawilýonyny synlamaga gelenlere bu ýerde ýurduň medeniýeti, tebigaty we häzirki üstünlikleri barada 3D animasiýaly wideoşekiller görkezildi. Pawilýonyň ikinji we üçünji gatynda Arkadag şäherine, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralaryň sergi gymmatlyklary ýerleşdirildi hem-de milli tagamlar hödürlendi.
Pawilýonyň binagärlik çözgütleri “Belli” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilip, ol hereketi we ösüşi alamatlandyrýan üçburçluk görnüşindäki şekili bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Desganyň gümmez şekilli bölegi milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary bilen bezelip, binanyň umumy daşky görnüşi Garagum sährasynyň tebigy gözelligini ýada salýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaralara hem gatnaşdy.