Iri “Galkynyş” gaz ýatagynda ýokary öndürijilikli guýy işe girizildi

BT
Iri “Galkynyş” gaz ýatagynda ýokary öndürijilikli guýy işe girizildi
Gazçylar täze ulanmaga berlen gaz guýusynda gaz akymyny açýarlar (Surat: oilgas.gov.tm)

“Galkynyş” gaz käninde bir gije-gündizde 2 million kub metre çenli önüm bermäge ukyply ýokary öndürijilikli gaz guýusy işe girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan önüm alyndy. 

Gazanylan görkeziji Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösýändigine hem-de ýer astyndaky baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça döwlet maksatnamalaryň ýokary netijelere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Halkara derejede iň iri diýlip yglan edilen “Galkynyş” gaz käni Türkmenistanyň energetika babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişinde möhüm orun eýeleýär. Eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça tagallalaryň durmuşa geçirilişinde ähmiýeti uly bolan gaz käni energiýa serişdeleriň ählumumy bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

2022