Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

BT
Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki, 2023-nji ýylyň 4-nji iýuly, Gazagystan (Surat: akorda.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa resmi saparynyň çäklerinde duşenbe güni Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. 

Halklaryň arasynda özara ynamy we düşünişmegi berkitmegiň möhüm guraly hökmünde garalýan parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde dostluk toparyň goşýan goşandyna ýokary baha berdi. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Ýaponiýada saparda bolýar. 

2022