Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Aşgabatda geçiriljek foruma çagyrdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Aşgabatda geçiriljek foruma çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli, Ýaponiýa (Surat: Sigeru Isibanyň “X” sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa resmi saparynyň dowamynda sişenbe güni ýurduň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem ýapon tarapy dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyryldy. 

Özara duşuşyklar resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Ýaponiýanyň Hökümet binasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Sigeru Isibany “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. 

Söwda-ykdysady gatnaşyklary we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de paralamentara gatnaşykalry pugtalandyrmak syýasy gepleşikleriň özeninde duran meseleler boldy. 

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. 

2022