Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli, Ýaponiýa (Surat: Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň dolandyryş edarasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa döwlet saparynyň dowamynda ýurduň Imperatory Naruhito bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ýaponiýanyň tehnologiýa ösüş babatda ýokary derejelere ýetendigini hem-de öz ýurdunyň milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak işine öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, elektroenergetika, nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag we oba hojalygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan innowasion çözgütler işjeň ornaşdyrylýan bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açykdyr. 

Geçirilen gepleşiklerde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. 

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen hem duşuşdy. 

2022