Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli, Ýaponiýa (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde sişenbe güni Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda Haýahsi Nobumitsu Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň we maliýe edaralarynyň gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Bankyň ýolbaşçysy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatyna ýokary baha berip, ýapon tarapynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýandygyny mälim etdi.

Haýahsi Nobumitsu duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Ýaponiýada guralýan “EKSPO 2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ilkinjileriň hatarynda we şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň öňdebaryjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, ylmy oýlap tapyşlara esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini maksat edinýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, möhüm pudaklary innowason esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalary ýapon kompaniýalary bilen bilelikde durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Haýahsi Nobumitsä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2022