Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň täze bellenen ilçisini kabul etdi
Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, 2025-nji ýylyň 17-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Watan habarlary)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resmi duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlap, öz ýurdunyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini, ýurtlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesini bellediler. BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň oňyn häsiýete eýedigini, energetika, söwda, maýa goýumlar, ulag, himiýa we dokma senagaty hem-de oba hojalygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystany bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň ýardam berjekdigine ynandyrdy.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşygy boldy. Onda ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022