Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenabatda mineral dökünleri öndürýän zawod gurar

BT
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenabatda mineral dökünleri öndürýän zawod gurar
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo E&C” kompaniýasynyň arasynda ylalaşyga gol çekilýär, 2025-nji ýylyň 18-nji apreli, Seul, Günorta Koreýa (Surat: tca.gov.tm)

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni we Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy Türkmenabat şäherinde umumy bahasy 700 million ABŞ dollar bolan mineral dökünleri öndürýän zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi şenbe güni habar berdi. 

Degişli resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen Koreýa Respublikasynyň söwda, senagat we energetika ministri Dukgyn Anuň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gol çekildi. 

Taslama laýyklykda, “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça guruljak täze kärhananyň baş potratçysy hökmünde çykyş eder. Zawod fosfory mineral dökünlere gaýtadan işlemäge ýöriteleşer. 

Zawodyň gurluşygyny 2029-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Täze kärhana Türkmenistanyň senagat we oba hojalyk kuwwatlyklaryny berkitmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. 

“Daewoo E&C” degişli taslamanyň deslapky potratçysy hökmünde 2024-nji ýylyň oktýabrynda saýlanyp alyndy. Taraplar jemleýji şertnama şu ýylyň ahyryna çenli gol çekmegi meýilleşdirýärler. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022