Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. Iri halkara çärä taýýarlyk görlüşi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Foruma YHG-a agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary döwletleriň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň hem-de ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar.
YHG-niň sebitinde durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek çäräniň esasy maksady bolar. Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň strategiýalaryna serederler, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen toplumlaýyn maksatnamany döretmek boýunça teklipleri öňe sürerler. Forumyň ahyrynda jemleýji reaminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow YHG bilen gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtap, Arkadag şäherinde geçiriljek foruma gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
1985-nji ýylda döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 10 ýurdy – Türkmenistany, Owganystany, Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Pakistany, Täjigistany, Türkiýäni we Özbegistany birleşdirýän sebit guramasydyr. YHG söwda, ulag, energetika we syýahatçylyk babatda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda iş alyp barýar. Guramanyň baş edara binasy Tähran şäherinde ýerleşýär.