2024: Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda söwda dolanyşygy $131,7 milliona ýetdi

BT
2024: Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda söwda dolanyşygy $131,7 milliona ýetdi
Konteýner (Surat: AA)

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda söwda dolanyşygy $131,7 milliona ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kerimberdi Gurbanow penşenbe güni Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2025) mälim etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak ýurduna oba hojalyk, nebit, hmiýa we dokma önümlerini iberýär. Kerimberdi Gurbanow döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini, Türkmenistanda öndürilen dokma önümleriň Malaýziýa eksportyny artdyrmagyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.

“Ýurtlarymyzyň bähbitlerine we gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlary goldamaga biz hemişe taýýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ähli ýurtlar bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini hem-de ähli ugurlarda Malaýziýa bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny bellemek isleýärin” diýip, Gurbanow aýtdy.

Malaýziýa eýýäm türkmen bazarynda iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda, şol sanda maliýe ulgamynda, nebitgaz senagaty we gurluşyk inženerçiligi pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022