ürkmen türgenleri Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşda 28 medal gazandylar
Türkmen türgenleri 23-24-nji aprelde Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşda 28 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen türgenleri milli göreş boýunça ýaryşlarda 14, şol sanda 8 altyn medal gazandylar. Ýaryşyň ikinji gününde alyş göreşi boýunça maksatnamada hem Türkmenistanyň wekilleri medal sanawynda öňdebaryjy bolup, 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç, jemi 14 medal topladylar.
Iki günlük ýaryşyň jemleri boýunça Özbegistanyň wekilleri medal sanawynda ikinji, Gyrgyzystanyň türgenleri hem üçünji boldular.
Gyrgyzlaryň “Manas” halk eposynda hem bellenilän guşakly alyş göreşi halkara giňişlikde ösdürilýär. Häzirki wagtda Bütindünýä Alyş federasiýasy (WAF) bäş yklymdan 36 sany milli sport federasiýasyny özüne birleşdirýär.