Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar

BT
Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar
“Ak ýol” şäher bazarynyň durky täzelenilen toplumy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde 700 orunlyk döwrebap bazary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Toplumyň çäginde azyk we senagat harytlarynyň bazarlaryny, dükanlary, ammarlary, 150 orunlyk awtomobil satylýan meýdançany we 200 awtoulaga niýetlenen awtoduralgany gurmak göz öňünde tutulýar.

N.Atagulyýewiň bellemegine görä, durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslama söwda işini döwrebapalaşdyrmaga we hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Meýilleşdirilýän işler häzirki döwrüň talaplaryna we ilatyň zerurlyklaryna laýyklykda ýerine ýetiriler diýip, wise-premýer belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda söwda düzümlerini ösdürmäge gönükdirlen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtap, degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

2022