“Türkmennebit” döwlet konserni we “PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd” kompaniýasy 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän bäş deňiz guýusynda gözleg işlerini alyp barmagyň şertlerini kesgitleýär.
Forumyň plenar mejlisinde “PETRONAS” toparynyň ýolbaşçysy we Baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammad Taufik Tengku Kamadja Aziz dünýä energetikasynda möhüm merkez hökmünde Türkmenistanyň strategik ähmiýetini belledi. Ol şeýle hem Malaýziýanyň kompaniýasynyň we Türkmenistanyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Taraplar deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerini ugur edinmek hem-de halkara hukugyna, iki döwletiň kanunçylyk kadalaryna eýermek bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we maýa goýumlary çekmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.
“PETRONAS” kompaniýasy Türkmenistanda 30 ýyldan bäri işläp gelýär. Deňiz böleginde önümi paýlaşmak, şeýle hem Gyýanly şäherçesinde her ýyl 5 milliard kubmetr gazy we 2,4 million tonna kondensaty gaýtadan işlemäge ukyply gazy gaýtadan işleýän zawodyň we terminalyň işe girizilmegi hakynda ilkinji ylalaşyklara gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm wakalar boldy.