Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi Žoel Buzu bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 27-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmen bedewiniň mili baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi. 

Gepleşikleriň dowamynda Ž.Buzu sport ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdi. Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleriniň ýakynda Monako amala aşyran saparynyň netijelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. 

Habarda bellenilişi ýaly, Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny nygtady. 

Duşuşygyň ahyrynda Žoel Buzu mähirli kabul edilendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny Şazada Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa ýetirjekdigini aýtdy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022