Duşenbe güni Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda özara nyrh ýeňilliklerini hödürlemek meseleleri hem-de ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýew başlyklyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşykda üstaşyr ýük geçirmeleri işjeňleşdirmegiň, iki ýurduň çägi arkaly multimodal konteýner ugurlaryny döretmegiň, awtomobil, demir ýol we suw ulagy ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gyrgyzystanda öndürilen önümleri Günbatar ugry boýunça ibermek üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň desgalaryny ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Konsullyk edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk, şol sanda halkara ýük daşamalara gatnaşyjylar üçin wiza düzgünleri duşuşygyň gün tertibinde bolan meseleler boldy.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Onda gazanylan ylalaşyklar barada durlup geçiler hem-de geljeki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlener. Toparyň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, toparyň ikinji mejlisiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilmegine garaşylýar.
Toparyň birinji mejlisiniň işi 30-njy aprele çenli dowam eder.