Türkmenistanyň Prezidenti YHG ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti YHG ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han, 2025-nji ýylyň 28-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna gatnaşan ýokary derejeli wekiller bilen birnäçe duşuşyklary boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han, Eýran Yslam Respublikasynyň Meýilnamalaşdyryş we býujet boýunça guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi, Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy – Premýer-ministriniň orunbasary Galymžan Koýşybaýew, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatow hem-de Pakistanyň meýilnamalaşdyryş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal bilen duşuşyklary boldy.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerini berkitmäge aýratyn üns berildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, energetika, ulag-logistika düzümlerini ösdürmäge hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda özara alyşmalary çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we duşuşyklara gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, täze ulag geçelgelerini ösdürmegiň möhüm ähmiýetini bellediler. Duşuşyklaryň ahyrynda olara gatnaşyjylar döwlet ýolbaşçylarynyň adyna we ýurtlaryň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Myhmanlar YHG-niň forumynyň guramaçylygyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini buýsanç bilen beýan etdiler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji duşuşygy 28-nji aprelde Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022