“Ýaprak” türkmen kärhanasy Aşgabatda geçirilýän “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkada alkogolsyz içgileriniň täze görnüşlerini, şol sanda çüýşe we plastik gaplarda täze tagamly önümlerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sergä gatnaşyjylar çüýşe gaplardaky täze içgiler, şol sanda alma, apelsin, mango, ülje we nar tagamly 5 görnüşli önümler bilen tanşyp bilýärler. Kärhana şeýle hem plastik bulgurlarda, turbajyk bilen sorulyp içilýän kiwi tagamly hem-de mineral suwlarynyň ýakyn wagtda öndürilip başlanjakdygyny mälim etdi.
“Ýaprak” kärhanasynyň häzirki wagtda öndürýän önümleriniň görnüşlerine ýaşyl we gyzyl alma, ülje, nar hem-de limon tagamly suwlar girýär. Bu önümler göwrümi 600 ml bolan bulgur görnüşdäki alýumin we plastik gaplarda çykarylyp, 9 birlige deň bolan önüm toplumlarda gaplanyp ilata ýetirilýär.
Kärhananyň wekili Emil Aliýew diňe bir täze tagamlary döretmegiň däl, eýsem, olary ýokary hilli gaplarda hödürlemegiň kärhana üçin ileri tutulýan wezipedigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iberilýän önüm toplumyň 130 kilograma çenli basyşy götermäge ukyplylyk derejesi olaryň daşalyşynyň ýitgisiz bolmagyny kepillendirýär.
Kärhana önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen öz önümlerini daşary ýurtlara hem ibermäge taýýarlyk görýär.
2012-nji ýylda işe başlan “Ýaprak” kärhanasynyň türkmen bazaryna täze önümleri girizmek babatda ýeterlik tejribesi bar. Kärhana 2013-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji bolup, alýumin gaplarda sowuk çaý önümçiligine başlady, 2019-njy ýylda bolsa önümçiligini döwrebaplaşdyrmak bilen turbajykly gaplarda içgileriň önümçiligini özleşdirdi.