Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: un.org)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan jogapkärli halkara işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Antoniu Guterriş Birleşen Milletler Guramasyna 2017-nji ýylyň ýanwaryndan bäri başlyklyk edip gelýär. Oňa çenli 10 ýylyň dowamynda ol BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary wezipesinde işledi.

Antoniu Guterriş syýasy işe Portugaliýada girişip, 1995-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli ýurduň Premýer-ministri boldy. Ol Portugaliýanyň Ýewropa Bileleşiginde eýeleýän ornuny berkitmek we daşary syýasy gatnaşyklary ösdürmek işine işjeň gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022