Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Prezidentini Türkmenistana sapara çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Prezidentini Türkmenistana sapara çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bu ýurduň Baştutanyny özi üçin amatly islendik wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, köpugurly özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Himiýa senagaty, ulag, saglygy goraýyş, oba hojalygy we dokma pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmen tarapy “BASF”, ‘MAN”, “Deutsche Bahn”, “Siemens”, “Knauf” ýaly kompaniýalar bilen hyzmtdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma Germaniýanyň Prezidentiniň gatnaşmagyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Garlyk” dag-magdan toplumyny ösdürmek boýunça “Thyssen Schachtbau GmbH” we “Schachtbau Nordhausen GmbH” kompaniýalary bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge türkmen tarapynyň gyzyklanmalaryny beýan etdi. “Ýaşyl” ykdysadyýet, suw serişdelerini dolandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetika hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Taraplar şeýle hem “Deutsche Bank” we “Commerzbank” ýaly maliýe düzümler bilen bank ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem garaldy. Hususan-da, Germaniýada Margiananyň taryhy-arheologik gymmatlyklarynyň sergilerini üstünlikli geçirmek boýunça toplanan tejribe barada aýdyldy hem-de bu serginiň ikinji tapgyryny guramaga taýýarlyk beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlary aýdyp, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022