Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Senagat plastik” kärhanasy suw süzgüçleri üçin polipropilen çig malyndan kartrijleri öndürmäge başlady. Bu barada “Balkan” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Täze süzgüçler suw arassalaýjy ulgamlar, şol sanda suwuň şoruny aýryjy düzümler üçin niýetlenip, innowasion üç gatly gurluşy bilen tapawutlanýar. Bu çözgüt olaryň netijeli işlemegini düýpli gowulandyrýar. Bir gatly süzgüçlerden tapawutlylykda, täze önüm dürli ölçegdäki hapalary netijeli aýyrýar. Munuň özi olaryň işleýjilik möhletini we arassalanan suwuň hilini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Suw süzgüçlerini öndürýän täze kärhananyň açylmagy ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak bilen, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär. Önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy kärhananyň ösüşine, şol bir wagtda bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň has-da ilerlemegine ýardam eder.
Kärhana şeýle hem uzakmöhletliligi we zyýanly himiki serişdelere durnuklylygy bilen uly islegden peýdalanylýan plastik poddonlary öndürmegi dowam etdirýär. Bu poddonlar agaçdan edilen görnüşlerden tapawutlylykda, birnäçe aýratynlyklara eýedir: birnäçe gezeklik ulanmak mümkin bolan bu poddonlar yslanmaýar, çyg çekmeýär hem-de olary gyzgyn bug bilen arassalap bolýar. Bu aýratynlyklar arassaçylyk möhüm talap bolup durýan azyk harytlaryň söwdasynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Plastik poddonlary öndürýän “Senagat plastik” kärhanasy 2017-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda döredildi. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy bir ýylda 480 müň poddony öndürmäge deňdir.