Türkmenistan we Gyrgyzystan 28 – 30-njy aprelde Bişkek şäherinde geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki toparyň birinji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Bu resminama birnäçe ileri tutulýan ugurlar, şol sanda üstaşyr geçirmeler, multimodal ugurlary giňeltmek, awtomobil, demir we suw ýollary arkaly ýük daşamakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça gazanylan ylalaşyklary berkidýär. Taraplar şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny netijeli ulanmak we nyrh syýasatyny utgaşdyrmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Toparyň indiki mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi Bişkek şäherinde 28-nji aprelde açylypdy.