Owganystanyň Hyrat sebitiniň hassahanasynyň lukmanlaryndan ybarat wekiliýet 13 – 18-nji aprel aralygynda Aşgabatda saparda boldular. Türkmenistanda öndürilýän derman serişdeleri, şol sanda Bilelikdäki türkmen-hindi derman kärhanasynyň önümlerini Owganystana eksport etmek mümkinçiligi saparda üns berlen esasy meseleleriň biri boldy diýip, Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki konsullygy habar berýär.
Saparyň çäklerinde hünärmenler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri hem-de türkmen lukmanlary bilen iş duşuşyklary geçirdiler. Geçirilen gepleşikler derman serişdeleriniň we lukmançylyk tehnologiýalarynyň önümçiligi ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny hem öz içine aldy.
Taraplar Türkmenistanda öndürilýän lukmançylyk enjamlary we serişdeleri ibermegiň mümkinçiliklerini öwrendiler. Türkmen tarapy ugurdaş kärhanalarynyň işi bilen myhmanlary tanyşdyryp, Owganystanyň saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Owganystanyň wekiliýeti tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtap, iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Derman serişdeleri öndürýän Bilelikdäki türkmen-hindi “TürkmenDerman Ajanta Farma Limited” derman kärhanasy 1998-nji ýylda döredildi. Ol bu sebitde derman serişdeleriň giň görnüşlerini öndürýän ilkinji derman kärhanalaryň biri boldy. Bu kärhanada 100-e golaý görnüşdäki derman we maz serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.