2025: Türkmenistan Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar

BT
2025: Türkmenistan Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar
ŞHG-e agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly, Astana, Gazagystan (Surat: RIA nowosti)

2025-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Hytaýyň Týanszin şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammitine çagyrylan döwlet hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar. Guramanyň geçirýän çärelerine Türkmenistanyň yzygiderli gatnaşmagy onuň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty
çarşenbe güni habar berdi.

ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewiň bellemegine görä, sammite gatnaşjaklaryň gutarnykly sanawy kabul edýän ýurt tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar. ŞHG-niň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine Mongoliýa synçy, Türkmenistan bolsa sammiti guraýan ýurduň hormatly myhmany hökmünde gatnaşar.

Baş sekretar döredilen wagtyndan bäri geçen 24 ýylyň içinde ŞHG halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan gurama öwrülmek bilen parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginde we adalatly dünýä gurluşynyň berkidilmeginde öz ornuny barha berkidýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy özara ynanyşmagy berkitmek, Ýewraziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmek we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen hökümetara halkara düzüm hökmünde 2001-nji ýylda döredildi. Onuň düzümine Aziýanyň iri döwletleri, Hytaý, Russiýa, Belarussiýa, Hindistan, Pakistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Eýran girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022