Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrdy

BT
Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy, 2022-nji ýylyň 11-nji noýabry, Samarkant, Özbegistan (Surat: president.az)

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Ilham Aliýew hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy we medeni köklere esaslanýandygyny nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşan uly şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparynyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Hatynyň soňunda Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, üstünlikler, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022