Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, 2025-nji ýylyň 9-njy maýy, Moskwa, Russiýa (Surat: TDH)

9-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwa şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar. Moskwa şäheriniň “Wnukowo-2” howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Russiýanyň resmi wekilleri garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Kremle tarap ýola düşdi. Bu ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşyldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşdylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Serdar Berdimuhamedow dabaralara çagyrylan GDA-a agza ýurtlaryň we beýleki döwletleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanda Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşdylar.

Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň, wekiliýet ýolbaşçylary Aleksandrow bagyna baryp, ol ýerde uruşda wepat bolanlary hatyraladylar. Näbelli esgeriň guburyna gül çemenleri goýuldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Baky oduň etegine gül desselerini goýdy.

Dabara Hormat garawulynyň dabaraly ýörişi hem-de döwlet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmekleri bilen tamamlandy.

Soňra Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo-2” howa menziline ugrady we bu ýerden uçarda Aşgabat şäherine ugur aldy. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

 

2022