Aşgabatda “SABA” haryt nyşanly ýokary hilli gazlandyrylan täze içgiler tanyşdyryldy

BT
Aşgabatda “SABA” haryt nyşanly ýokary hilli gazlandyrylan täze içgiler tanyşdyryldy
“SABA” haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriň tanyşdyrylyş dabarasy, Aşgabat, Türkmenistan, 2025-nji ýylyň 11-nji maýy

“Miweli Oba” kärhanasy 11-nji maýda Aşgabatdaky “Şamelek” toý dabaralary merkezinde ýörite geçiren çäresinde “SABA” haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriniň täze görnüşlerini halk köpçüligine tanyşdyrdy.

“SABA” içgileriniň tanyşdyrylmagy soňky ýyllarda alkogolsyz içgileriň önümçiliginde iň bir iri çäreleriň biri boldy. Çärä 200-den gowrak myhman, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, restoran torlarynyň we söwda merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de lomaý we bölek söwda gatnaşyjylar gatnaşdylar.

Şu ýylyň aprel aýynda öndürmäge başlanan täze önümler alty sany dürli tagamly içgileri öz içine alýar. Şolaryň ikisi “SABA Kola”, iki görnüşli “SABA Zirk”, salkyn “SABA Mohito”, ter “SABA Apelsin” hem-de gazly mineral suwlarydyr.

“SABA” gazlandyrylan içgileriň täze görnüşleriniň ählisiniň düzümi iň häzirki zaman ülňülere we hil gözegçilik ulgamyna laýyk gelmek bilen Germaniýanyň, Türkiýäniň hem-de Awstriýanyň hünärmenleri bilen bilelikde işlenilip taýýarlanandyr. Önümleriň gaplarynyň bezegi türkiýeli dizaýnerler tarapyndan işlenilip düzüldi hem-de onuň taslamasy geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alyndy.

Önümçilikde Germaniýada patentlenen tehnologiýalar boýunça Türkiýede taýýarlanylan enjamlaryň esasynda öňdebaryjy güýçli gazlandyrmak ulgamynyň işlenilip taýýarlanylmagy “SABA” gazlandyrylan içgileriniň esasy tehnologiýa aýratynlygy bolup durýar. Bu tehnologiýa plastik çüýşe birnäçe gezek açylyp ýapylandan soň hem içginiň gazlylyk derejesini saklamaga mümkinçilik berýär. “Miweli Oba” häzirki wagtda Türkmenistanda bu tehnologiýany ornaşdyran ilkinji kärhanadyr.

2014-nji ýylda işe başlan “Miweli Oba” Türkmenistanyň alkogolsyz içgiler bazarynda bazarynda iň irki we öňdebaryjy orny eýeleýän kärhanalaryň biridir.

“8ÝAP” atly aňrybaş miwe şireleri hem-de “SABA” atly esasy haryt nyşany bilen çykarylýan miwe suwlary we dürli gönüşdäki gazlandyrylan içgiler kärhananyň önümleriniň esasy görnüşleriniň hataryndadyr.

Önümleriň düzüminiň ýokary hili kärhananyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Öndüriji önümçilikde Germaniýadan, Awstriýadan, Gollandiýadan, Ispaniýadan we

Gresiýadan getirilen ýokary derejeli goşundylary ulanýar. Ähli goşundy düzümler berk gözgeçilikden geçirilip, olaryň halkara laýyklyk güwänamalary bardyr.

Resmi web-saýty: https://miwelioba.com.tm

Instagram & TikTok: 8yap_saba

Telefon belgisi: (+993 61) 239100

2022