Türkmenistan we Eýran ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Eýran ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow anna güni Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Iki tarap hem parlamentara dialogyň möhüm ähmiýetini nygtap, gatnaşyklary kanun çykaryjy edaralaryň derejesinde ösdürmekde parlamentara dostluk toparynyň netijeli iş alyp barýandygyny bellediler. Şeýle hem öňde boljak bilelikdäki başlangyçlara we çärelere garaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022