Ýanwar-aprel: Türkmenistandan geçirilen üstaşyr ýükler 2 million tonnadan geçdi

BT
Ýanwar-aprel: Türkmenistandan geçirilen üstaşyr ýükler 2 million tonnadan geçdi
Ýük awtomobilleri, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

2025-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistandan geçirilen üstaşyr ýükleriň möçberi 2 million tonnadan geçdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim köpdür diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ulag-logistika düzümleriniň we serhetýaka gümrük nokatlarynyň giň gerimde döwrebaplaşdyrylmagy şeýle ösüşiň gaznaylmagyny üpjün etdi. Degişli desgalaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, olarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Awtomobil arkaly üstaşyr geçirmeler 25 göterim, demir ýol arkaly geçirmeler bolsa 6 göterim artdy. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler ýük geçirişiň bökdençsiz amala aşyrylmagy we ýükler baradaky maglumatlaryň çalt gaýtadan işlenilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Bu özgertmeler üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegine ýardam edip, Türkmenistan arkaly halkara üstaşyr geçirmeleriň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022