Türkmen wekiliýeti Türküstan oblastynyň maýa goýum mümkinçiliklerini öwrendi

BT
Türkmen wekiliýeti Türküstan oblastynyň maýa goýum mümkinçiliklerini öwrendi
Türkmen wekiliýetiniň Türküstan oblastynyň häkimi N.Kuşerow bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň maýy, Türküstan, Gazagystan (Surat: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Türküstan oblastyna sapary amala aşyrdy. Onuň çäklerinde sebitiň maýa goýum mümkinçilikleri öwrenildi diýip, Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy şenbe güni habar berdi.

Türküstan oblastynyň häkimi N.Kuşerow bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de tejribeleri we bilimleri alyşmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Häkim daşary ýurt kompaniýalaryna ýeňillikli şertlerde ýer böleklerini ýa-da taýýar önümçilik desgalaryny hödürleýän senagat zolaklary we kiçi senagat parklary barada maglumat berdi. Serişdeleri çuň gaýtadan işlemegi ugur edinýän maýadarlar üçin “TURAN” atly salgyt we gümrük ýeňillikli ýörite ykdysady zolak hereket edýär.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022