Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Rim Papasynyň tagta geçmek dabarasyna gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Rim Papasynyň tagta geçmek dabarasyna gatnaşdy
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew we Rim Papasy Lew XIV, 2025-nji ýylyň 18-nji maýy, Watikan (Surat: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy)

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew ýekşenbe güni Watikanyň Keramatly Petr meýdançasynda geçirilen täze Rim Papasy Lew XIV-iň tagta geçmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmen diplomaty Rim Papasy Lew XIV-e tagta geçmegi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gutlaglary we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dabara 200 müňe golaý adam, şol sanda dünýä ýurtlaryndan 150-den gowrak resmi wekiliýet gatnaşdy. Dabaranyň ýokary derejeli myhmanlarynyň hatarynda Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI, Belgiýanyň Patyşasy Filipp, Niderlandlaryň Şa aýaly Maksima, Niderlandlaryň Premýer-ministri Dik Shof, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen, Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella we Premýer-ministri Jorja Meloni, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens we döwlet sekretary Marko Rubio bar.

Täze pontifik 8-nji maýda konklawyň dördünji mejlisinde saýlanyldy. 69 ýaşly kardinal Robert Frensis Prewo 267-nji Rim Papasy we Katolik ybadathanasynyň taryhynda bu wezipä saýlanylan ilkinji amerikaly boldy.

Ozalky Rim Papasy Fransisk 21-nji aprelde 88 ýaşynda aradan çykdy.

2022