Eýranyň Prezidenti dekabr aýynda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geler

BT
Eýranyň Prezidenti dekabr aýynda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geler
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Aşgabada sapary, Türkmenistan, 2024-nji ýylyň 19-njy oktýabry (Surat: mehrnews.com)

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi. Bellenilişi ýaly, Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen çakylygyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Eýrana saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri we Eýranyň Prezidenti strategik taýdan möhüm ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ozal ylalaşylan taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan edip, türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmekde tagalla edýändiklerini tassykladylar.

Gepleşiklerde ulag desgalarynyň, şol sanda Gumdag şäherinden Etrege we Eýranyň serhedine çenli 242 kilometrlik awtomobil ýolunyň gurluşygyna hem aýratyn ähmiýet berildi. Iki ýurt hem ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýük akymlaryny we üstaşyr geçirlişini giňeltmek hakynda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini, şunda özara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri dowam etmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa tabşyryldy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022