“Synmaz Nesil” türkmen kärhanasy mis kabelleriň önümçiligine başlady

BT
“Synmaz Nesil” türkmen kärhanasy mis kabelleriň önümçiligine başlady
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergide “Synmaz Nesil” kärhanasynyň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Gurluşyk pudagyna niýetlenen önümleri bilen tanalýan “Synmaz Nesil” hususy kärhanasy “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergide özüniň paýtagt şäheri döwrebaplaşdyryşmak boýunça işlerde uly ähmiýete eýe bolan iň täze önümlerini görkezdi.

2025-nji ýylda ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan kompaniýa mis elektrotehniki kabelleriň önümçiligini işe girizdi. Munuň özi onuň taryhynda möhüm waka boldy. “Synmaz Nesil” mis kabelleri taýýarlamakda çig maly ikilenç gaýtadan işleýän ýurtdaky ilkinji kärhana boldy. Önümçiligiň ähli tapgyrlary ýokary hil gözegçiliginden geçirilýär.

Ýokary hilli mis kabelleriň önümçiligi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Ähli önümler Türkmenistanyň içerki ölçeglerine laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Ähli tapgyrlarda senagat howpsuzlygy, ýangyna garşy goraglylyk we daşky gurşaw talaplaryna berk eýerilýär.

“Nesil” haryt nyşany bilen öndürilýän kabeller içerki şol sanda daşarky bazarlara hem niýetlenendir. Kärhana daşary ýurt bazarynda öz ornuny giňeltmegi meýilleşdirýär.

“Synmaz Nesil” kompaniýasynyň bu sergä gatnaşmagy onuň ýurduň içindäki we halkara giňişligindäki durnukly ösüş ýörelgelerine täzeçil çemeleşýändigini aňladýar.

Kärhana 2014-nji ýylyň 18-nji martynda esaslandyryldy. Ol ilkibaşda gurluşyk serişdelerini, şol sanda gurluşykda ulanylýan düzümleri we “Izogam” haryt nyşany bilen rulon gidroizolýasaýalary öndürmäge ýöriteleşdir. “Synmaz Nesil” gurluşyk serişdelerini öndürmäge ygtyýarnamany 2017-nji ýylyň 24-nji noýabrynda aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022