Türkmenistanyň Prezidenti Astanada “MA – Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada “MA – Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşar
Astana, Gazagystan (Surat: centralasia.news)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu sapar ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugruny – Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri taraplar netijeli syýasy-diplomatik dialogy goldamak bilen iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler.

Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8 Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir. Munuň özi halkara giňişlikde ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Işewür toparlaryň arasynda işjeň gatnaşyklar goldanylyp, birnäçe iri italýan kompaniýalary Türkmenistanda iş alyp barýarlar. Şeýle hem iki ýurt medeni we ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, arheologiýa babatda netijeli özara alyşmalary amala aşyrýarlar.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady 37 sany ylalaşygy özünde jemleýär.

Ýokary derejedäki özara saparlar gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýelýär. Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa 2009-njy, 2019-njy ýyllarda resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrdy. 2014-nji ýylda bolsa Italiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Astana boljak sapar strategik dialoga we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022