Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäginde Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Duşuşyk esasy maksady Italiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy gişeltmekden ybarat bolan ýokary derejeli forumyň çäginde geçirildi.