Polşanyň “SKYTAXI” awiakompaniýasynyň Boeing 767 ýük uçary 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Daşoguz Halkara howa menziline ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ýük daşama işine gatnaşygyny giňeltmek ugrundaky tagallalarynda möhüm ädim boldy diýip, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) habar berdi.
Hytaýyň Urumçi şäherinden Polşa uçýan uçar, uçuşyny dowam etdirmezden ozal meýilleşdirilen tehniki hyzmat üçin gonuşy ýerine ýetirdi. Bu iş ýurduň üsti bilen halkara multimodal ulag geçelgeleriniň ösüşini utgaşdyrýan paýdarlar jemgyýeti bolan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) tarapyndan gurnaldy.
Bu waka Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymyndaky esasy logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny berkitmek boýunça strategiki başlangyjyny ýene-de bir gezek nygtady. Bu tagallalaryň çäklerinde howa menzillerini goşmak bilen Ulag infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar we ýükleriň köpelýän mukdaryny dolandyrmak ukyby giňelýär. Munuň özi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda syýahatçylygyň we üstaşyr geçişiň ösmegine goşant goşýar.
Polşanyň ýük awiakompaniýasy bolan “SKYTAXI” Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda howa gatnawyna bolan isleglere jogap hökmünde öz flotuny we uçuş geografiýasyny işjeň ýagdaýda giňeldýär. Daşoguz howa menzilinde üstünlikli amala aşyrylan tehniki gonuş onuň iri ýük uçarlaryny almaga taýýardygyny we halkara logistika torlaryna goşulmak mümkinçiligini görkezýär.