Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady
Rim şäherinde Respublika gününi bellemek dabarasy, 2023-nji ýylyň 2-nji iýuny, Italiýa (Surat: TASS)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini we ýurduň Ministrler Geňeşiniň Başlygyny türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gutlady.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella we Premýer-ministr Jorja Melonä tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Italiýanyň Respublika güni 2-nji iýunda bellenilýär we ol 1946-njy ýylda ýurduň Respublika dolandyryş görnüşine geçmegini alamatlandyrýar. Türkmenistan we Italiýa dostlukly diplomatik gatnaşyklaryny saklaýarlar we söwda-energetika ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022