Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuny, Mongoliýa (Surat: Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, giň sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli parahatçylyk söýüji syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ulan-Batorda geçirilen hem-de döwletara dialogynda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. 

Türkmenistanyň  döwlet Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalana minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň iki döwletiň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022