Türkmenistan Mongoliýa bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga taýýar

BT
Türkmenistan Mongoliýa bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuny, Ulan-Bator, Mongoliýa (Surat: Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ulan-Bator şäherinde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ýurduň mongoliýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine seretmäge, telekeçileriň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw bermäge, özara söwda amallaryny amala aşyrmak üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Duşuşygyň gün tertibine syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumy girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýurduň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe süren “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” boýunça başlangyjynyň ähmiýetini belledi we energetika, kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şertleriň bardygyny aýtdy.

Mongoliýanyň Baştutany Uhnaagiýn Hurelsuh türkmen tarapynyň tekliplerini goldaýandygyny we ileri tutulýan ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändigini tassyklady. Ulag, oba hojalygy we ýeňil senagat boýunça bilelikdäki komitetleri döretmek, şeýle hem ylym we medeniýet pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem birnäçe hökümetara we pudagara ylalalaşyklara gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022