Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hem-de goňşy döwletiň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de mübärek günlerde beriljek sadakalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine dogaýy salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle hem Eýranyň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi.
Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.