Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Nýu-Deli şäherinide Hindistanyň daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşyk heçirdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny maslahatlasdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky konstruktiw syýasy dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, diplomatlar sebit we halkara derejesinde, hususan-da abraýly halkara düzümleriň çäginde Tükmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.
Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky ygrarlylyk tassyklanyldy. Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde utgaşdyryjy serişde hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellenildi.
Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika, dokma, himiýa, nebithimiýa hem-de derman senagaty ýaly ugurlary kesgitlediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdiler.