Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hindistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hindistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşýarlar, Nýu-Deli, Hindistan 2025-nji ýylyň 5-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşykda gatnaşyjylar Hindistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda açyk we netijeli dialogyň we aýratyn hem döwlet derejesindäki ýokary derejeli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar.

Gepleşikleriň dowamynda söwdany giňeltmek, maýa goýumlary artdyrmak hem-de ulag, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar bu strategiýa taýdan ähmiýetli sebit başlangyjyny amala aşyrmak ugrunda tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag baglanyşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi hem bellenilip geçildi. Bu ugurda Ýakyn Gündogar, Hazar sebiti we Ýewropa bilen integrasiýanyň zerurlygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi geljekki logistika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, söwda we ynsanperwer alyş-çalyşlaryň giňeldilmegine bolan bilelikdäki ygrarlylyk tassyklanyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Nýu-Deli şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň dördünji duşuşygyna gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022